Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) häzirki başlygy, Şweýsariýanyň daşary işler ministri Inýasio Kassis Türkmenistana sapar bilen geldi. Ol saparyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezine baryp, ol ýerde wekilligiň işgärlerine çekýän zähmetleri üçin sagbolsun aýtdy.
Kassisiň bellemegine görä, guramanyň güýji onuň ýerlerde alyp barýan işindedir. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi 1999-njy ýyldan bäri işläp gelýär we ol Türkmenistana howpsuzlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça — ýaraglanyşyga gözegçilik etmekden we serhet howpsuzlygyndan başlap, ykdysady hem-de ekologiýa hyzmatdaşlygyna, şeýle hem adam hukuklaryny öňe sürmäge we adalatly dolandyryşa çenli ähli babatda ýardam berýär.
Bu sapar Şweýsariýanyň ÝHHG-de başlyklyk etmeginiň çäklerinde amala aşyrylýar.