Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Syýahatçylyk Agentlikleriniň Assosiasiýasynyň (JATA) täze saýlanan başlygy jenap Ý.Hara bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Ý.Hara JATA-nyň başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlanyldy we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen JATA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2013-nji ýylda ýurduň «JATA Travel Showcase 2013» halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşmagy bilen başlanyp, soňky ýyllarda yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.
2014-nji ýylda Tokio şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri» atly maslahat, şeýle hem 2025-nji ýylda «EXPO 2025 Osaka» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde geçirilen «Türkmenistan — dostlugyň, doganlygyň we myhmansöýerligiň mekany» atly halkara maslahat hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysallary hökmünde görkezildi.
Duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy ilerletmek, syýahatçylyk pudagynda döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.