Turkmenportal logo
Şu gün 12:34
23652365
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda içerki syýahatçylyk ösdürilýär: Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ýadygärliklerine gezelenç guraldy

31-nji iýulda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan bilelikde guralan gezelenjiň çäklerinde «Medeniýet we sungat» žurnalynyň işgärleri we Ahal welaýatynyň medeniýet müdirliginiň hünärmenleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy ýadygärliklere baryp gördüler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişine görä, gezelenjiň dowamynda orta asyrlara degişli Seýit Jemaleddin binagärlik toplumyna we Köne Nusaý galasyna zyýarat edildi.

Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri gatnaşyjylara gadymy binagärlik ýadygärlikleriniň taryhy, ähmiýeti we milli medeni mirasy gorap saklamakdaky hem-de içerki syýahatçylygy ösdürmekdäki orny barada giňişleýin maglumat berdiler.

Seýit Jemaleddin binagärlik toplumy bilen Köne Nusaý Türkmenistanyň baý taryhyny şöhlelendirýän özboluşly iki ýadygärlikdir. Seýit Jemaleddin toplumy XV asyrda gurlup, ol ýurdumyzyň orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgalarynyň biri hasaplanylýar. Köne Nusaý bolsa Parfiýa şalygynyň ilkinji paýtagty bolup, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärlikdir.

Seýit Jemaleddin binagärlik toplumy Aşgabatdan 12 kilometr uzaklykda ýerleşýän Änew şäherçesinde ýerleşýär. Toplum 1446–1457-nji ýyllarda gurlup, metjidi, aramgähi we birnäçe goşmaça desgalary öz içine alypdyr. Wagtynda metjidiň baş girelgesi Merkezi Aziýanyň yslam binagärliginde seýrek duş gelýän mozaika sungatynda ýerine ýetirilen aždarhalaryň şekilleri bilen bezelipdir. Binanyň diwarlary maýolika bilen örtülip, onuň belent ellips şekilli gümmezi bolupdyr. Bu täsin ýadygärlik 1948-nji ýylda Aşgabat bolup geçen pajygaly ýer titremesinde weýran bolupdyr we häzirki güne çenli diňe harabalyklary saklanyp galypdyr. Mozaikalaryň käbir bölekleri häzirki wagtda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde görkezilýär.

Köne Nusaý, ýa-da Gadymy Nusaý, takmynan biziň eramyzdan öňki III asyrda Arşaklar nesli tarapyndan esaslandyrylypdyr. Açyk asmanyň astyndaky bu taryhy ýadygärlik Aşgabatdan 18 kilometr günbatarda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýär. 2007-nji ýyldan bäri ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky desga derejesine eýedir. Köne Nusaý Parfiýa şalygynyň ilkinji paýtagty bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda söwda we syýasy durmuşda möhüm strategik merkezleriň biri bolup hyzmat edipdir.