Turkmenportal logo
Şu gün 09:29
32883288
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Literaturnyý Krym» gazetinde häzirki zaman türkmen şahyrlarynyň goşgulary çap edildi

«Literaturnyý Krym» gazetiniň iýul aýyndaky sanynda türkmen şahyrlary Süleýman Ilamanowyň, Şageldi Salyhowyň, Aýgül Garaýewanyň we Züleýha Gulowanyň goşgulary çap edildi.

Türkmenistanyň häzirki zaman şahyrlarynyň liriki eserleri rus diline terjimeçi Andreý Nowikow tarapyndan terjime edilip, rus dilinde okyjylara ýetirildi.

Gazetiň bu sany bilen siz şu salgylanma arkaly tanşyp bilersiňiz.

«Literaturnyý Krym» gazeti 2001-nji ýylda esaslandyryldy. Neşiriň esasy we hemişelik awtorlary Krymyň ýazyjylarydyr. Şeýle hem gazetde medeni durmuş bilen bagly habarlar, kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralary we döredijilik agşamlary barada maglumatlar çap edilýär.