Turkmenportal logo
Şu gün 09:12
913913
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Duşenbede çagalar we maşgalalar üçin durmuş hyzmatlaryny berkitmek boýunça Türkmenistanyň tejribesi hödürlendi

Türkmenistanyň wekilleri 30 — 31-nji iýulda Duşenbede geçirilen «Täjigistanda durmuş işi we onuň garaşsyzlyk döwründäki ösüşi» atly halkara foruma gatnaşdylar. Türkmenistan bu forumda maşgalany goldamaga gönükdirilen durmuş hyzmatlaryny ösdürmek we hünär durmuş işini kämilleşdirmek boýunça öz milli çemeleşmesini hödürledi.

ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, Täjigistanyň Saglygy goraýyş we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan ÝUNISEF-iň goldamagynda guralan forum sebitiň ýurtlaryndan we başga döwletlerden döwlet edaralarynyň wekillerini, durmuş işi ugrundaky ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligi we ösüş boýunça hyzmatdaşlary birleşdirdi. Bu çäre durmuş goraglylygy ulgamlaryny berkitmek, şeýle-de howandarlyga mätäç çagalara we maşgalalara berilýän goldawy gowulandyrmak boýunça tejribe alyşmak hem-de amaly çözgütleri kesgitlemek maksady bilen geçirildi.

Birinji panel mejlisiň dowamynda Türkmenistan ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyndaky özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylýan maşgala gönükdirilen durmuş hyzmatlaryny berkitmek tejribesini hödürledi. Esasy üns ýokary hünärli durmuş işgärlerini taýýarlamaga, pudagara özara utgaşyklylygy gowulandyrmaga hem-de kyn ýagdaýa düşen çagalara we maşgalalara meseleleriň dörän ilkinji tapgyrlarynda, ýagny olaryň meseleleri çuňlaşmazdan ozal berilýän goldawy giňeltmäge gönükdirildi.

Tanyşdyrylyşyň dowamynda bu çemeleşmäniň ösüşindäki esasy tapgyrlar, şol sanda «Durmuş hyzmatlary hakynda» Kanunyň kabul edilmegi, durmuş işi ugry boýunça hünär biliminiň girizilmegi, ýerli jemgyýetler derejesinde durmuş hyzmatlaryny bermek boýunça synag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi we tutuş ýurt boýunça ýokary hilli hyzmatlaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi bellenilip geçildi. Bu çäreler maşgalalaryň irki tapgyrlarda goldaw alyp bilmegine, töwekgelçilik toparyna girýän çagalaryň öz wagtynda ýüze çykarylmagyna hem-de kömegiň maşgala gurşawyny saklamak, maşgala hem-de jemgyýet tarapyndan berilýän goldawy berkitmek arkaly hödürlenmegine gönükdirilendir.

Forumyň ikinji gününde Türkmenistanyň çagalary goramak we çagalar babatda adalatlylyk ulgamyna durmuş işini hem-de psihososial goldawy girizmek boýunça tejribesi hödürlendi.