Turkmenportal logo
Düýn 17:59
65986598
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranyň ilçisi Türkmenistan bilen umumy medeni miras barada gürrüň berdi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen makalasynda iki ýurduň arasyndaky medeni we ylmy gatnaşyklaryň taryhy, şeýle hem bu ugurdaky häzirki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada gürrüň berdi.

Diplomatyň sözlerine görä, Eýran bilen Türkmenistanyň umumy mirasy sebitiň çuňňur taryhyndan gözbaş alýar. Ilçi köp asyrlaryň dowamynda Eýranyň we Türkmenistanyň alymlaryny, filosoflaryny hem-de şahyrlaryny birleşdiren ylmy we edebi merkezleriň hatarynda Beýik Horasany, şeýle hem Merwi, Nusaýy, Sarahsy, Nyşapury we Abiwerdi görkezdi. Şol merkezleriň biri bolan Merw Seljuklar döwründe ýazuw medeniýetiniň, astronomiýanyň we matematikanyň iri merkezleriniň biri hasaplanýardy. Pars, arap we türkmen dillerinde eser döreden awtorlaryň arasynda ilçi öz makalasynda Anwari Abiwerdini, Zamahşaryny, Fahreddin Razyny, şeýle hem Magtymguly Pyragyny aýratyn agzap geçýär.

Ruzbehani Türkmenistanyň kitaphanalarynda pars we arap dillerindäki müňlerçe golýazmalaryň saklanýandygyny, Eýranyň arhiwlerinde bolsa sebitiň taryhy bilen baglanyşykly türk, arap we türkmen dillerindäki ýazuw ýadygärlikleriniň bardygyny belledi.

Ilçiniň nygtamagyna görä, iki ýurduň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy häzirki döwürde hem dowam edýär. Hususan-da, gadymy golýazmalary öwrenmek we olary kataloglaşdyrmak, kitaplary bilelikde neşir etmek, eserleri terjime etmek hem-de ylmy taýdan öwrenmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar. 2023-nji ýylyň iýun aýynda Eýrandaky Yslam rewolýusiýasynyň lideri Aýatolla Hameneýi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymguly Pyragynyň düzedilen diwanynyň iki tomluk neşirini sowgat berdi.

Şeýle hem diplomat Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň tagallasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň birnäçe eseriniň, şol sanda «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilip, neşir edilendigini aýtdy. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitabynyň bir tomunyň, şeýle hem Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň pars diline terjimesi dowam etdirilýär.