1-nji awgustda Türkmenistanda täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň ýetip gelmegi bilen mekdep bazarlary işläp başlady. Däp bolşy ýaly, ýurduň bazarlarynyň, iri söwda merkezleriniň ýanynda okuwçylardyr talyplar hem-de mugallymlar üçin ähli gerekli harytlary özünde jemleýän göçme söwda nokatlary döredildi.
Şu ýyl Aşgabadyň çäginde mekdep harytlarynyň göçme söwdasyny amala aşyrýan nokatlaryň 60-a golaýyny gurnamak meýilleşdirildi. Munuň özi ilatyň bölek söwda hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmagy, zerur harytlary bir ýerden, amatly görnüşde satyn almagy ugrunda döwlet tarapyndan edilýän uly aladalaryň ýene-de bir görkezijisidir.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, hödürlenilýän harytlaryň köpüsiniň ýurtda öndürilýändigini bellemek gerek. Olar ekologik taýdan arassalygy, ýokary hilliligi we amatlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Hususan-da, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen, gyzjagazlar üçin niýetlenen ýaşyl penjeklere we milli keşdeli köýneklere, öňlüklere, oglanjyklar üçin nusgawy biçüwli kostýumlara, ak köýneklere, sport egin-eşiklerine isleg has-da ýokary.
Mekdep sumkalarydyr talyp portfelleri, rahat aýakgaplar hem köpgörnüşliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem gündelikler, kartalar, surat we çyzuw albomlary, ders hem-de umumy depderler, dürli reňkli galamlar we başga-da ençeme esbaplar satuwa çykarylypdyr.
Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli bazarlary bolan «Altyn Asyr» Gündogar, «Teke», «Gülüstan» bazarlarynyň çäginde mekdep harytlarynyň göçme söwda nokatlary aýratyn bölegi emele getirýär. Mekdep harytlarynyň göçme söwda nokatlarynyň her gün ir säherden tä agşama çenli işlemegi alyjylar üçin has-da amatlydyr.