Turkmenportal logo
Düýn 12:34
89708970
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti awtomobil ýollarynyň gurluşygyna yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti awtomobil ýollarynyň gurluşygyna we saklanylyşyna yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy. Degişli tabşyryk 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedowa berildi.

TDH-de habar berlişi ýaly, gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 123,9 göterim berjaý edildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 103,9 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 127 göterim, Energetika ministrligi boýunça 108,9 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 108,3 göterim berjaý edildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 135 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 127,5 göterim amal edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumyna degişli kärhanalaryň netijeli işlemegini gazanmak hem-de taslama kuwwatyna çykarmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň, awtomobil ýollarynyň gurluşygyna we saklanylyşyna yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutany wise-premýere binalaryň we desgalaryň ýokary hilli gurlup, bellenen möhletde ulanmaga berilmegi üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.