Turkmenportal logo
Şu gün 12:15
28122812
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mejlisiň Başlygy ÝB-niň Aşgabatda işini tamamlaýan ilçisi bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy. 

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berildi. Durnukly ösüş, energetika, ekologiýa, ylym-bilim, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigine üns çekildi. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.

«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» köptaraplaýyn görnüşdäki dostlukly gatnaşyklaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde sebit we ählumumy ähmiýeti nygtaldy. «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara dialogynyň hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm gural bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Ilçi öz gezeginde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna daýanyp hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ýola goýan hyzmatdaşlygyna, howpsyzlygy we kanunyň hökmürowanlygyny, adam hukuklaryny, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, sanly ulgam, suw serişdeleri babatda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini nygtady. 

D.Gulmanowa ilçi Beata Peksa ýurtda diplomatik wezipede işlän döwründe parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda goşan saldamly goşandy üçin hoşallyk bildirdi.