Turkmenportal logo
Şu gün 11:30
48394839
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmenistanyň 2050-njy ýyla çenli demografik ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 27–29-njy iýuly aralygynda Aşgabatdaky BMG-niň binasynda Türkmenistanyň Demografik durnuklylyk boýunça milli strategiýasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, iş maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň, şeýle hem BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistan boýunça şol döwür üçin ýurt maksatnamasynyň çäklerinde BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guraldy.

Maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Döwlet statistika komitetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, şeýle hem Ykdysatçylar birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ilatynyň 2050-nji ýyla çenli ösüşi boýunça taýýarlanan mümkin bolan çaklamalar bilen tanşyldy. Şeýle hem häzirki demografik ösüş meýilleri, ilatyň düzümi, adam maýasyny ösdürmek, ýaşlaryň we zenanlaryň ykdysadyýete gatnaşygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler seljerildi.

Mundan başga-da, demografik üýtgeşmeleriň bilim, saglygy goraýyş, durmuş taýdan goramak ulgamlaryna hem-de zähmet bazaryna ýetirýän täsiri aýratyn seljerildi.

Üç gün dowam eden iş maslahatynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Demografik durnuklylyk boýunça milli strategiýasynyň taslamasynyň esasy düzgünleri, onuň möhüm görkezijileri hem-de döwlet edaralarynyň arasyndaky utgaşdyryjy pudagara mehanizmleri ylalaşyldy. Şeýle hem resminamany kämilleşdirmek boýunça indiki ädimler kesgitlenildi.

Maslahaty BMG-niň Ilat gaznasynyň halkara geňeşçisi Ýelena Zotowa alyp bardy.