Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidentini Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow mähirli garşylady. Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygy boldy.
Sadyr Žaparow çykyşynda şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň başlyklyk edýändigini aýdyp, muňa ýokary baha berdi hem-de Awazada geçiriljek konsultatiw duşuşyga çakylyk üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi. Şonuň ýaly-da sammitde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çykyşynda mümkinçilikden peýdalanyp, XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda şertnama Türkmenistanyň goşulandygy üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi.
Sammitde Türkmenistanyň Prezidenti çykyş edip, döwletara hyzmatdaşlygynyň täze altytaraplaýyn guralynyň halklary we ýurtlary has-da ýakynlaşdyrmaga, doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine, bilelikdäki mümkinçilikleri ulanmak arkaly hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.
Resmi däl konsultatiw duşuşyk tamamlanandan soňra Prezidentler Çolpon-Ata Jarnamasyna gol çekdiler.
Şeýle hem saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Yssyk-Kölüň ýakasynda ýerleşýän «Baku» myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gyrgyz Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Yssyk-Köl Halkara howa menzilinden Türkmenistana ugrady. Birnäçe wagtdan soň Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary garşyladylar.