Turkmenportal logo
Düýn 17:11
94349434
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Bütindünýä hökümet sammitiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Baýram Baýramow Bütindünýä hökümet sammiti guramasynyň dolandyryjy direktory Mohammed Al-Şarhan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşler 2026-njy ýylda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitiniň üstünlikli guralandygyny we oňa türkmen wekiliýetiniň gatnaşandygyny aýratyn bellediler. Şeýle hem sammitiň dowamynda türkmen tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýeti, olaryň soňra BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylandygy nygtaldy.

Taraplar mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny, hususan-da, hemişelik Bitaraplyk, durnukly ösüş, ulag hem-de özara baglanyşyklylyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda 2023-nji ýylda döwlet dolandyryşy ulgamynda tejribe alyşmak boýunça gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem türkmen hünärmenleriniň Birleşen Arap Emirliklerinde emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça amala aşyrylýan maksatnamalara gatnaşmagyna aýratyn üns berildi.