Türkmenistanyň medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bütindünýä tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy Wasil Şaýhraziýew bilen duuşdy. Taraplar Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň finalyna taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Bütindünýä tatar kongresiniň resmi saýty habar berýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar jemleýji şou-konsertiň konsepsiýasyny we gurluşyny, onuň medeni hem-de mazmun tarapyny, şeýle hem guramaçylyk meselelerini jikme-jik ara alyp gördüler. Bäsleşigiň maksatnamasyna, Tatarystanyň we Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagyna, tehniki taýdan goldaw berilmegine hem-de konsert meýdançasynyň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berildi.
Şaýhraziýewiň sözlerine görä, «Tatar gyzy» bäsleşiginiň finaly diňe bir gözellik we zehin bäsleşigi bolman, eýsem tatar halkynyň milli däp-dessurlarynyň, ruhy gymmatlyklarynyň we taryhy mirasynyň baýlygyny, şeýle hem Türkmenistanyň myhmansöýerligini şöhlelendirýän giň göwrümli halkara medeni waka öwrülmelidir.
Öz gezeginde, G.Myradalyýew Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bäsleşigiň finalyna taýýarlyk görmäge we ony geçirmäge hemtaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Onuň belleýşi ýaly, şeýle möhüm halkara taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurduň medeni durmuşynda wajyp waka bolar we ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň ösmegine goşant goşar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar döredijilik maksatnamasynyň hiline, medeni çäreleriň guralmagyna we bäsleşigiň ýokary halkara derejede geçirilmegi üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berip, bäsleşigiň finalyna taýýarlyk görmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.