Turkmenportal logo
Şu gün 12:56
55415541
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanda we Täjigistanda Apple Pay hyzmaty işe girizildi

Gyrgyzystanda we Täjigistanda Apple Pay hyzmaty arkaly galtaşmasyz tölegleri amala aşyrmak mümkinçiligi elýeterli boldy. Bu barada «Daryo» neşiri habar berdi. Ýerli banklaryň birnäçesiniň müşderileri indi öz bank kartlaryny Apple Wallet programmasyna goşup, fiziki bank kartyny ulanmazdan söwda we hyzmatlar üçin töleg geçirip bilýärler.

Gyrgyzystanda bu hyzmat Mbank, OptimaBank, Bakai, O!Bank we DemirBank banklarynyň müşderileri üçin elýeterlidir. Täjigistanda bolsa Apple Pay hyzmatyndan «Alif», «Humo» we «Aktiwbank» banklarynyň müşderileri peýdalanyp bilýärler.

Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, Özbegistan hem Apple Pay we Google Pay hyzmatlaryny işe girizmäge taýýarlyk görýär. Ýurtda NFC tehnologiýasy arkaly tölegleri amala aşyrmak üçin zerur tehniki infrastruktura eýýäm döredildi. Şeýle-de bolsa, hyzmatlaryň haçan resmi taýdan işe giriziljekdigi barada häzirlikçe anyk möhlet yglan edilmedi.