Turkmenportal logo
Şu gün 18:32
29712971
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň edara kagyzlary GDA bazarlaryny eýeleýär

​«MIR 24» habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, türkmen kärhanasy tarapyndan öndürilýän kagyzlar Azerbaýjana, Ermenistana, Eýrana we Özbegistana eksport edilýär. Geljekde bolsa Gruziýanyň we Gyrgyzystanyň bazarlaryna çykmak meýilleşdirilýär.

​Ahal welaýatynda ýerleşýän kagyz öndürýän kärhana önümçiligini iki esse artdyryp, aýda 1 müň 200 tonna önüm çykarýar. Zawod täze hem bolsa, sebitde sellýuloza önümleriniň esasy üpjün edijileriniň birine öwrüldi.

​Kärhananyň ýolbaşçysy Döwletmyrat Allaýewiň düşündirişine görä, häzirki wagtda bu ýerde 125 töweregi adam zähmet çekýär. Gündelik önümçilik kuwwaty takmynan 60 tonna önüme barabar bolup, ýakyn wagtda gije-gündizde 100 tonna görkezijä ýetmek we aýda 3000 töweregi tonna kagyz öndürmek meýilleşdirilýär.

​Kärhana A3 we A4 görnüşli ofis kagyzlaryny, şeýle hem dürli dykyzlykdaky beýleki listleri öndürýär. Önümler hem içerki bazara, hem-de eksporta ugradylýar.

​Kagyz öndürmek üçin çig mal iň ýokary hilli saýlanylýar. Sellýuloza dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden satyn alynýar. Mekdep okuw kitaplary üçin niýetlenen kagyzlara ýokary aklyk, berklik, tekizlik we neşir syýasyny deň derejede siňdirmek ýaly ýörite talaplar gоýulýar.