Türkmenistanyň Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demirýol stansiýalarynyň döwrebap binalary gurlar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annaýewiň demir ýol ulaglary pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde welaýatlarda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda bu babatda degişli işler amala aşyrylýar. Munuň özi demir ýol ulaglary pudagynyň işiniň netijeliligini has-da artdyrmaga, pudagyň işgärleri üçin döwrebap we oňaýly iş şertlerini döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda demir ýol ulaglary pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany ýurduň Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.