Turkmenportal logo
Düýn 22:38
75547554
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurduň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, döwrebap tehnologiýalary we häzirki zaman enjamlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurduň energetika kuwwatynyň has-da artmagyna we sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen doly üpjün edilmegine, elektrik energiýasynyň belli bir möçberini daşary ýurtlara ibermäge, şeýle hem täze önümçilikleri ýola goýmaga ýardam berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda elektrik energetika pudagyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere ýurduň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.