Turkmenportal logo
Düýn 10:53
53115311
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Mukam» skripkaçylar topary Hytaýda «Nusgawy orkestr» baýragyna mynasyp boldy

adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan we konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň zehinli okuwçylaryndan ybarat bolan «Mukam» skripkaçylar topary Hytaýda geçirilen Ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat hepdeliginde ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Halkara sungat hepdeligine Meksikadan, Awstriýadan, Bolgariýadan, Indoneziýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Türkmenistandan hem-de Hytaýdan ýaşlar orkestrleri, ansambllary we tejribeli dirižýorlar gatnaşdylar. Onuň çäklerinde dürli konsertler guralyp, orkestrleriň bäsleşigi geçirilýär. Şunda bilelikdäki tejribe okuwlaryna, dünýä ýurtlarynyň meşhur dirižýorlarynyň ussatlyk sapaklaryna möhüm orun berlendigini bellemek gerek.

Milli we daşary ýurt sazlarynyň 100-e golaýyny öz repertuarynda jemlän «Mukam» skripkaçylar toparyna Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmark ýolbaşçylyk edýär.

Hepdeligiň dowamynda ýurduň skripkaçylar toparynyň çykyşlaryna ýokary baha berildi. Pekin şäherindäki Döwlet teatrynda geçirilen dabarada Ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat festiwalynyň ýeňijileri yglan edildi. Şonda Türkmenistanyň «Mukam» skripkaçylar topary «Nusgawy orkestr» baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem ýurduň skripkaçylaryna hepdeligiň ýörite diplomynyň we kubogynyň gowşurylmagy türkmen ýaşlarynyň zehinine berlen ýokary bahanyň nyşanydyr.

Sungat hepdeliginiň çäklerinde Sun Çingling adyndaky Hytaý ýaşlar ylmy-medeni merkezinde awstriýaly tanymal dirižýor «Mukam» skripkaçylar toparynyň zehinli sazandalary üçin ussatlyk sapaklaryny gurady. Şeýlelikde, topara hepdeligiň ýörite güwänamasy gowşuryldy. Şeýle hem Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde geçirilen Ýaşlar orkestrleriniň sungat hepdeliginiň dowamynda guralan konsertlerde eden şowly çykyşlary we dünýä döwletleriniň birnäçesinden gatnaşýan toparlaryň arasynda halkara saz ugry we tejribe alyşmak boýunça ýerine ýetirilen işlere goşan mynasyp goşandy üçin «Mukam» skripkaçylar toparyna aýratyn güwänama gowşuryldy.