Turkmenportal logo
Düýn 22:49
67266726
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýaly lukmanlar Aşgabatda saparda bolýarlar

Şu günler Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýünhen uniwersitet klinikasynyň lukmanlary Türkmenistanda saparda bolup, Aşgabatdaky Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde dürli keselleriň öňüni almakda häzirki zaman sanly lukmançylyk ulgamyny peýdalanmak we degişli ugurlarda dikeldiş bejergilerini geçirmek boýunça türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýarlar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, germaniýaly lukmanlar türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyň çäklerinde uky bozulmalarynyň öňüni almak, onuň anyklaýyş çäreleri hem-de bejeriş usullary boýunça okuw sapaklaryny geçdiler. Munuň özi Türkmenistanda döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek, olaryň bilimlerini artdyrmak boýunça kesgitlän wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.