Turkmenportal logo
Şu gün 11:23
20552055
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Gruziýa saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myratberdi Gaýypow Gruziýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we durmuş goraglylygy ministri Mihail Sardžweladze bilen duşuşdy. Bu barada «frontnews.ge» neşiri habar berýär.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýa amala aşyrýan saparynyň çäklerinde guraldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary Gruziýada birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirýärler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar saglygy goraýyş we durmuş goraglylygy ulgamyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem geljekki meýilnamalara we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine garadylar. Duşuşykda gruzin tarapy Gruziýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we durmuş goraglylygy ministrliginiň alyp barýan işleri hem-de durmuşa geçirýän häzirki zaman maksatnamalary barada giňişleýin maglumat berdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myratberdi Gaýypow ýokary derejeli duşuşygyň guralandygy üçin Mihail Sardžweladzä minnetdarlyk bildirdi we taraplaryň işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny nygtady. Öz gezeginde Mihail Sardžweladze iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, türkmen wekiliýetiniň Gruziýa saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da berkidilýändigine şaýatlyk edýändigini aýratyn belledi.