Turkmenportal logo
Düýn 22:20
55845584
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gruziýanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen çagyryldy
Surat: president.ge

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün şu gün Tbiliside ilkinji gezek döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ikiçäk gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Gruziýa bilen oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Şunda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ygtybarly hem durnukly hyzmatdaşlyklar bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Prezidenti bu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Gruziýanyň Prezidenti minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Gruziýanyň Prezidenti çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşykdan soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary dowam edýär.