Prezident Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Gruziýa geldi. Bu Türkmenistanyň Prezidentiniň bu dostlukly ýurda amala aşyrýan ilkinji sapary hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary mynasybetli Tbilisiniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde döwlet Baştutany dostlukly ýurduň resmi adamlary we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň ýolbaşçylary bilen ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde gepleşikleri geçirer. Türkmenistan — Gruziýa işewürlik maslahaty we Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi bolsa iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara hil taýdan täze itergi berjek, işewürlik düzümleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine ýardam etjek möhüm wakalara öwrüler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar laýyk 34 ýyl mundan ozal — 1992-nji ýylyň 16-njy iýulynda ýola goýuldy. Geçen döwrüň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly binýady emele getirdi. Özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda uly mümkinçiliklere eýe bolan iki ýurt bu mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmegi maksat edinýär.