Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasyna (CNPC) degişli «Çuançin buraw inženerçilik» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň Türkmenistandaky şahamçasy 2025–2026-njy ýyllarda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlary kompaniýanyň önümçilik desgalarynda işlemek üçin işe kabul edýär.
Dalaşgärlerden nebit-gaz işi, himiýa, energetika we geologiýa ugurlary boýunça ýokary biliminiň bolmagy, şeýle hem hytaý, türkmen we rus dillerini kämil derejede bilmek talap edilýär. Iňlis dilini bilmek goşmaça artykmaçlyk hasaplanýar.
Diňe görkezilen talaplara laýyk gelýän dalaşgärleriň resminamalary serediler. Terjimehallar (CV) bildiriş çap edilen gününden başlap 30 günüň dowamynda Word görnüşinde şu salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, «B» binasy, 4-nji gat, işgärler bölümi. Şeýle hem terjimehallary batyr141164@gmail.com elektron poçta salgysyna iberip bolýar.