Turkmenportal logo
13.07.2026
1602216022
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 2026-njy ýyl üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlandy

Şu gün Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul ediş möwsümi başlandy. Ýurduň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, bu möwsüm 24-nji awgusta çenli dowam eder.

​Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek işine guramaçylyk-usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrmak we ony bellenen tertipde geçirmegi üpjün etmek üçin ýörite döredilen Döwlet topary işe başlady.

​Ýerli häkimlikler tarapyndan kabul ediş toparlarynyň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertler döredildi.

​Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde: «Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine zehinli, iň mynasyp ýaşlary kabul etmeli, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmeli» diýip belledi.

Türkmenistanda 2026-njy ýyl üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlandy | Turkmenportal.com