Turkmenportal logo
Şu gün 16:15
66036603
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda oba hojalygyny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak boýunça taslamanyň amaly tapgyryna badalga berildi

Lebap welaýatynda «Türkmenistanyň oba hojalygy pudagynda howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak maksady bilen tebigaty goraýjy özgertmeleri ilerletmek» (GEF-8/FAO) taslamasynyň toparynyň iş sapary geçirildi. Onuň dowamynda taslamanyň meýilleşdirilen çäreleriniň ýerlerde amaly taýdan durmuşa geçirilmegine badalga berildi.

Iş saparyna Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň (MASEM) Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow, milli bilermenler toparynyň ýolbaşçysy Döwlet Jumagulyýew hem-de milli bilermenler gatnaşdylar.

6-njy iýulda Çärjew etrabynda ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri — etrap häkimliginiň iş dolandyryjysy Çaryýar Mustakow we oba hojalyk bölüminiň müdiri Döwlet Hanow bilen duşuşyklar geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar, işleriň tapgyrlaryny ylalaşdylar we görkezme çäreleriniň geçiriljek synag meýdançalarynyň sanawyny tassykladylar.

Şeýle hem hünärmenler J. Hajyýew, Hakimow we S. A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiklerine baryp, olaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar hem-de synag meýdanlarynyň çäklerini anyklaşdyrdylar. Duşuşyklarda gorag tokaý zolaklaryny döretmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de oba ilatynyň girdejilerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň usuly hökmünde bal aryçylyk hojalygyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Meýdan gözegçilikleriniň dowamynda bilermenler geljekki synag meýdançalarynyň geografik koordinatlaryny bellige aldylar.

Günüň jemleri boýunça Türkmenabat şäherinde taslama toparynyň jemleýji maslahaty geçirildi. Oňa onlaýn görnüşde howa meseleleri boýunça bilermen Leýla Hojamyradowa, bilimleri dolandyrmak boýunça bilermen Jahan Orazdurdyýewa hem-de MASEM-iň taslama edarasynyň kömekçisi Orazgül Isgenderowa hem gatnaşdy.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň Tokaý hojalygynyň direktory bilen duşuşyk geçirilip, taslamanyň tokaý hojalygyna degişli bölegi, hususan-da, Çärjew etrabynda häzirki zaman tokaý nahalhanasyny gurmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 7-nji iýulda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň goldawy bilen wekiliýet Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasyna baryp, döwlet gözegçileriniň iş şertlerini gowulandyrmak hem-de Gidrometeorologiýa gullugynyň maglumatlaryny ulanmagy kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

9-njy iýulda birnäçe tehniki duşuşyk geçirildi. Lebap welaýatynyň Agrohimiýa barlaghanasynda topraklaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan bolsa, welaýatyň Daşky gurşawy goramak müdirliginde Döwlet gidrometeorologiýa gullugynyň, Ýer serişdeleri gullugynyň we Suw hojalygy müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirildi. Onuň dowamynda howa, suw we ýer serişdeleri boýunça maglumat alyşmak hem-de gözegçiligi alyp barmak babatda pudagara hyzmatdaşlygyň mehanizmleri kesgitlenildi.

«Taslamanyň amaly taýdan durmuşa geçirilmegi, ilkinji nobatda, ýerli häkimiýet edaralary we oba hojalyk önüm öndürijileri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi talap edýär. Biziň üçin ähli çäreleriň sebitleriň hakyky zerurlyklaryna esaslanmagy örän möhümdir» — diýip, Mergen Kepbanow belledi.

Iş saparynyň jemleri boýunça taraplar oba hojalygynda tebigaty goraýjy çemeleşmeleri ornaşdyrmaga hem-de Türkmenistanyň agro-landşaftlarynyň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.