Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň hersinde 10 sany, jemi 50 sany saglyk öýüni gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu baradaky degişli lotlar «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.
1-nji LOT — Ahal welaýatynda 10 sany saglyk öýi;
2-nji LOT — Balkan welaýatynda 10 sany saglyk öýi;
3-nji LOT — Daşoguz welaýatynda 10 sany saglyk öýi;
4-nji LOT — Lebap welaýatynda 10 sany saglyk öýi;
5-nji LOT — Mary welaýatynda 10 sany saglyk öýi.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar we teklipler şu ýylyň 19-njy awgustyna çenli kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-77, 44-46-64.