Turkmenportal logo
Şu gün 11:32
10611061
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gijeki futbol oýunlaryna tomaşa etmek sebäpli ukynyň ýetmezçiligi agramyň artmagyna getirip biler — barlaglar

Nýu-Ýorkyň Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary gijeki futbol oýunlaryna yzygiderli tomaşa etmek sebäpli ukynyň gysgalmagynyň wagtyň geçmegi bilen agramyň artmagyna we saglyk bilen bagly töwekgelçilikleriň ýokarlanmagyna getirip biljekdigini anykladylar. Barlagyň netijeleri Annals of Internal Medicine žurnalynda çap edildi.

Takmynan alty hepde dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlary Aşgabat wagty bilen hem köplenç giçlik başlanýar. Şonuň üçin janköýerleriň köpüsi duşuşyklary görmek üçin ukusyndan galmaly bolýar.

Barlaga adaty ýagdaýda gije-gündizde 7–8 sagat uklaýan uly ýaşly adamlaryň 95-si gatnaşdy. Alty hepdäniň dowamynda gatnaşyjylar bilkastlaýyn ýatýan wagtyny adaty tertipden 1,5 sagat gijikdirdiler, soňra bolsa ýene alty hepde öňki uky tertibine dolandylar. Alymlar ýörite geýilýän abzallar arkaly olaryň ukusynyň dowamlylygyny ölçäp, şol bir wagtyň özünde beden agramyny, bil aýlawyny, bedeniň düzümini we işdä täsir edýän gormonlaryň derejesini barladylar.

Barlagyň esasy awtory, Nýu-Ýorkyň Kolumbiýa uniwersitetiniň  iýmitleniş kafedrasynyň dosenti Faris Zuraýkat alty hepdelik uky ýetmezçiliginiň dowamynda gatnaşyjylaryň ortaça ýarym kilogram töweregi agram goşandygyny aýtdy. Şeýle hem olaryň oturyp geçirýän wagty günde ortaça 17 minut artdy. Onuň sözlerine görä, bu netijeler bir ýyla deňeşdirilse, günde 1,5 sagatdan hem az ukyny yzygiderli ýitirmek kliniki taýdan ähmiýetli bolan agram artmagyna sebäp bolup biler.

Iýmitleniş boýunça professor Mari-Pýer Sent-Onž ýeterlik ukynyň agram artmak howpuny, şeýle hem semizlik bilen baglanyşykly ýürek-damar keselleri we 2-nji görnüşli süýji keseli ýaly hassalyklaryň döremek ähtimallygyny azaldyp biljekdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, ýaş ulaldygyça adamlar köplenç agram goşýarlar, semizlik bolsa ýürek-damar keselleriniň esasy töwekgelçilik ýagdaýlarynyň biridir.

Barlagyň awtorlary ozalky ylmy işleriň esasan ýiti we agyr uky ýetmezçiliginiň netijelerini öwrenendigini, bu gezek bolsa alymlaryň ulularyň ep-esli böleginiň ýüzbe-ýüz bolýan has aram, emma dowamly uky gysgalmasyny nusga hökmünde öwrenendiklerini aýtdylar. Olaryň hasaplamalaryna görä, uly ýaşly adamlaryň takmynan üçden biri yzygiderli gije bary-ýogy 5–6 sagat uklaýar.

Şeýle hem uky wagty gysgaldylan gatnaşyjylaryň, hatda adaty ýagdaýdan has uzak wagt oýalykda bolandyklary nazara alnanda-da, günüň dowamynda fiziki taýdan has az işjeň bolandygy anyklandy. Şol bir meýletinçileriň gatnaşmagynda geçirilen ozalky barlaglarda bolsa ortaça derejedäki uky çäklendirmesiniň ýürek-damar kesellerine töwekgelçiligi ýokary bolan aýallarda insuline durnuklylygyň (insulin rezistentliliginiň) ýokarlanmagyna getirýändigi, bu täsiriň menopauzadan soňky döwri başdan geçiren aýallarda has güýçli ýüze çykýandygy görkezildi. Beýleki bir barlagda bolsa uky gysgaldylan döwürlerden soň ýürek-damar kesellerine töwekgelçiligi ýokary bolan gatnaşyjylaryň ýüreginde çişme bilen baglanyşykly öýjükleriň sanynyň artandygy ýüze çykaryldy.

Alymlar uky ýetmezçiligi bilen agram artmagynyň arasyndaky baglanyşygyň mehanizmleriniň heniz hem goşmaça öwrenilmelidigini bellediler. Şeýle-de bolsa, häzirki bar bolan ylmy maglumatlar ýeterlik ukynyň bolmazlygynyň semizlik bilen baglanyşykly, şol sanda 2-nji görnüşli süýji keseli we ýürek keselleriniň döremek howpuny ýokarlandyrýandygyny görkezýär.