Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi ýurduň sanly ykdysadyýet ulgamynda ýaş programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylary hem-de startap-başlangyçlary ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen guralýan «Sanly çözgüt — 2026» innowasion taslamalar bäsleşiginiň başlanandygyny yglan etdi. Gatnaşyjylardan resminamalar 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul ediler, bäsleşigiň jemleri bolsa Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edasynda geçiriljek «Türkmentel — 2026» halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde jemlener.
Bäsleşik Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin tassyklanylan Konsepsiýasyna laýyklykda guralýar we ol ýokary derejeli IT-hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem sanlylaşdyrmak ugrunda täze startaplary işe girizmäge gönükdirilendir.
Bäsleşige özbaşdak ýa-da düzüminde üç adamdan köp bolmadyk we hökman ýolbaşçysy bellenilen topar görnüşinde gatnaşyp bolýar. Bäsleşikde web-hyzmatlara, şeýle hem kompýuterler we mobil enjamlar üçin niýetlenen programma önümlerine baha berler. Şunda gatnaşyjylar öz işläp taýýarlamalarynyň kiberhowpsuzlygy barada maglumatlary bermäge we intellektual eýeçiligi goramagyň möhletlerini görkezmäge borçludyrlar. Programma üpjünçiliginiň asyl kodunyň bar bolmagy hökmany talapdyr.
Taslamalara ýedi ugur boýunça serediler: emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyrmak, oba hojalygy üçin tehnologiýalar, «akylly şäher», bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy. Gelip gowşan arzalara baha bermek üçin Aragatnaşyk ministrliginiň umumy ýolbaşçylygynda wagtlaýyn topar dörediler.
Her ugur boýunça ýeňijiler — birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelänler pul baýraklary, gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar bilen sylaglanarlar. Gatnaşyjylary hasaba almak we arzalary kabul etmek işi elektron görnüşde telecom.tm saýtynda amala aşyrylýar.