Turkmenportal logo
Şu gün 12:42
28762876
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

6-njy iýulda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi N.Gölliýew bilen Gyrgyz Respublikasynyň energetika ministri A.Rysbekowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar iki ýurduň arasynda energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Tarapar, esasan hem, elektrik energetikasy we ýangyç-energetika ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.