Türkmenistanda halkyň dynç almagy, saglygyny dikeltmegi ugrunda möhüm orna eýe bolan şypahanalaryň işi kämilleşdirilýär. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadagyň başlangyçlary bilen döredilen şypahana edaralarynda tebigy baýlyklar bejeriş işinde giňden ulanylyp, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar hem-de şypahana hyzmatynyň hili we elýeterliligi ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň hemaýat-goldawlary bilen şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn binýady BSGG-niň talaplaryna laýyklykda has-da berkidilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, etrap merkezlerinde, şäherlerde hem-de oba ýerlerinde döwrebap häzirkizaman saglygy goraýyş edaralary gurulýar. Ozaldan hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylyp, halkyň hyzmatyna berilýär. Ýokary hilli innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanalarda toplumlaýyn saglygy dikeldiş-bejeriş usullary ulanylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, halkyň döwrebap dynç almagy hem-de saglygyny berkitmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň saglygyny goramak hem-de berkitmek maksady bilen şypahana hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.