Turkmenportal logo
Düýn 22:44
65526552
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranda merhum Lider Aýatolla Hameneýi bilen hoşlaşyk matam çäresine gatnaşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Mosolla Ymam Homeýni metjidinde Eýran Yslam Respublikasynyň merhum Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen hoşlaşyk matam çäresine gatnaşdy.  

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Seýed Ali Hameneýini we onuň maşgala agzalaryny hatyralap, Beýik Allatagalladan merhumlaryň ruhlarynyň şat imanlarynyň hemra bolmagyny dileg etdi. Gahryman Arkadag Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiýana we beýleki ýokary derejeli wekillere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan we tutuş türkmen halkynyň adyndan şu hasratly günde çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri ýörite gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.

Gahryman Arkadag Eýran Yslam Respublikasyna saparyny tamamlap, Tähranyň Mährabat Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Türkmenistana ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar mähirli garşyladylar.