Turkmenportal logo
Şu gün 11:52
42724272
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan adatdan daşary ýagdaýlarda reproduktiw saglyk boýunça Milli hereket meýilnamasyny täzeledi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) tehniki goldawy bilen, Adatdan daşary ýagdaýlarda reproduktiw saglyk hyzmatlaryny bermek boýunça Ilkinji çäreleriň iň pes toplumy (IÇIPT) baradaky Milli hereket meýilnamasynyň täzelenen görnüşini tassyklady.

IÇIPT islendik adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda ilkinji nobatda ýola goýulmaly, dünýä derejesinde ykrar edilen ileri tutulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň toplumyndan ybaratdyr. 

Resminamanyň mundan öňki görnüşi türkmen edaralary tarapyndan 2014-nji ýylda kabul edilipdi. Täze neşir, hünärmenleriň maslahatlaşmalarynyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan UNFPA bilen bilelikde geçirilen çärelere taýynlyk derejesiniň hemmetaraplaýyn seljermesiniň esasynda taýýarlandy.

Resminamada esasy milli edaralaryň arasynda rollary we wezipeleri paýlamaga, pudagara utgaşyklygy güýçlendirmäge, maliýeleşdiriş we bu çäreleri döwlet saglygy goraýyş ulgamlaryna durnukly integrirlemek (goşmak) meselelerine aýratyn üns berlipdir.

UNFPA-nyň reproduktiw saglyk boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy Maýagözel Kulyýewanyň habar bermegine görä, meýilnama baradaky goşmaça maglumatlary Gaznanyň wekilhanasyna ýüz tutup alyp bilersiňiz.