Turkmenportal logo
Düýn 22:47
49774977
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek baradaky resminama gol çekildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we ýer eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2027-nji ýylda ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.