Aşgabatda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak hem-de peýdalanmak boýunça Konwensiýasynyň güýje girmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan gibrid görnüşindäki pudagara maslahat geçirildi, diýip Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Bu konwensiýa ilkinbaşda sebitara hukuk guraly hökmünde döredilip, soňlugy bilen ählumumy häsiýete eýe boldy. Merkezi Aziýada onuň düzgünleri AHHG-nyň (Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň), SPECA-nyň (BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň) işi we suw meseleleri boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklar bilen utgaşyklylykda ulanylýar.
Duşuşyga agyz suw üpjünçiligi, suwaryş ekerançylygy, lagym suwlaryny arassalamak, tebigy suw ekoulgamlaryny goramak we gidrotehniki desgalary ulanmak ulgamynda işleýän edaralaryň hem-de guramalaryň hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanda toplumlaýyn suw serişdelerini dolandyrmakda pudagara çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Suwaryş ulgamyny ösdürmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we suw hojalyk toplumyny dolandyrmaga häzirki zaman çemeleşmelerini ornaşdyrmak boýunça amaly maslahatlara aýratyn üns berildi.
Gatnaşyjylar sebitara özara hereket, suw ulgamyny sanlylaşdyrmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
BMG-niň ÝYK-nyň Suw konwensiýasynyň wekilleri maslahaty gurandygy üçin Türkmenistana hoşallyk bildirip, suw serişdelerini dolandyrmagyň hukuk we tehniki mehanizmlerini kämilleşdirmek ugrunda sebit dialogyny dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler diýlip, habarda nygtalýar.