Portugaliýaly hukukçy Aleşandri Gerreýru «RIA Nowosti» habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde BMG-niň baş sekretary wezipesindäki ygtyýarlylyklary 31-nji dekabrda dolýan Antoniu Giterrişiň geljekde Portugaliýanyň Prezidenti bolup biljekdigini aýtdy.
Gerreýrunyň sözlerine görä, Guterrişiň 2031-nji ýylda bu ýurtda geçjek saýlawlarda döwlet Baştutany wezipesini eýelemek mümkinçiligi ýokary. Munuň ilkinji sebäbi ol öz Watanynda uly abraýdan peýdalanýar.
Şunuň bilen birlikde, syýasatşynas gidip barýan baş sekretaryň portugal we halkara düzümleriň birinde geňeşçiniň wezipesini eýelemeginiň mümkindigini hem çaklady.