Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow «Air Belgium» awiakompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Jorj Şahati bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Brýusseldäki diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Jorj Şahati golaýda Türkmenistana amala aşyran saparynyň jemlerini, şeýle hem Aşgabat Halkara howa menzili arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmak boýunça gazanylan ylalaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, göz öňünde tutulýan gatnawlaryň başlanmagynyň amaly we tehniki meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de şu ýylyň awgust aýynyň başynda amala aşyrylmagyna garaşylýan «Air Belgium» kompaniýasynyň Aşgabat arkaly ilkinji ýük gatnawyna bagyşlanan simwoliki dabarany geçirmegiň mümkinçiligine garaldy.
Jorj Şahati Aşgabat Halkara howa menziliniň halkara ýük awiagatnawlary, şol sanda ýangyç guýmak we tehniki hyzmat ediş mümkinçilikleri üçin durnukly, howpsuz we özüne çekiji logistiki nokat hökmünde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Türkmen diplomaty Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly, howpsuz we aýdyň ulag köprüsi hökmündäki ornuny yzygiderli pugtalandyrýandygyny nygtady.