Turkmenportal logo
Şu gün 14:46
22022202
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat sentýabr aýynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisini kabul eder

11-nji sentýabrda Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

26-njy iýunda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň başlyklyk etmeginde ykdysady geňeşiň 110-njy mejlisi geçirildi.

Arkalaşyga agza döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary GDA-a agza döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

GDA-nyň Ykdysady geňeşi Arkalaşygyň çäklerinde kabul edilen ylalaşyklaryň, şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň we Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň erkin söwda zonasyny hem-de durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy kemala getirmek we onuň işlemegi baradaky çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän esasy ýerine ýetiriji edara bolup durýar. Ykdysady geňeşiň düzümine Arkalaşyga agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň orunbasarlary girýär.