23-24-nji iýunda Demirgazyk Makedoniýa Respublikasyň Skopýe şäherinde Praga prosesiniň Ýokary derejeli wekilleriň duşuşygy geçirildi. Bu halkara çärä birnäçe daşary ýurt döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Bu maslahat Praga prosesiniň 5-nji Ministrler maslahatyna (Wilnýus, 2027-nji ýyl) taýýarlyk görmegiň Ýol kartasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde möhüm tapgyr boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar 2028 — 2032-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy babatda özara maslahatlaşdylar. Şeýle hem geçirilen söhbetdeşlikleriň dowamynda migrasiýa ulgamlaryny sanlylaşdyrmak we migrasiýa syýasatyny ösdürmek ýaly ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.