Turkmenportal logo
Düýn 17:37
50465046
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýda geçirilýän «Geljege köpri» atly ýaşlar lagerine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Sian şäherinde geçirilýän «Geljege köpri» atly ýaşlar lagerine gatnaşýar. Bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Hytaýdan bolan ýaş liderleri bir ýere jemledi.

Çäräniň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda bu lageriň Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy başlangyç nokady bolan Sian şäherinde geçirilmeginiň simwoliki manysynyň bardygyny belledi, şeýle hem bu şäheriň Türkmenistanyň Mary şäheri bilen doganlaşan şäherdigini ýatlatdy.

Ý.Keriýew türkmen-hytaý ýaşlar hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Ol soňky döwürde geçirilen bilelikdäki çäreleriň hatarynda türkmen wekiliýetiniň Pekinde geçirilen Parahatçylyk ugrunda bütindünýä ýaşlar maslahatyna gatnaşandygyny, şeýle hem 2023-nji ýylda Maryda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlar forumyny agzap geçdi.

Şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Ählumumy ýaşlar bileleşigine resmi agza hökmünde goşulandygy aýratyn bellenildi.

«Geljege köpri» lageri Merkezi Aziýa sebitinden we Hytaýdan bolan gatnaşyjylaryň arasynda ýaşlar dialogyny, medeni alyş-çalyşy we hünär taýdan özara gatnaşyklary güýçlendirmäge gönükdirilendir.