«TikTok» platformasyndaky täze ulanyjylara niýetlenen «Siziň üçin» diýen lentada ýerleşdirilýän rolikleriň ýarysyndan gowragy (59%) pes hilli EA-kontente degişli, ýagny «EA- zibil» (AI-slop) bolup durýar. Bu ugurdaky seljermeleriň jemleri «Kawping» neşirinde çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Barlaglaryň barşynda žurnalistler «TikTok»-daky 20-den gowrak tematiki bölümleriň her birinde ýerleşdirilen 500 roligi seljerdiler. Işiň maksady platformada emeli aň peýdalanyp taýýarlanan materiallaryň nä derejede giň ýaýrandygyny anyklamak boldy.
Netijede, iň kän pes hilli emeli aň önümleri «Çagalar wideosy» bölüminde hasaba aldy, ýagny olaryň 57 göterimi EA-zibil bolup durýar. Öňdebaryjylaryň hatarynda şeýle-de degişlilikde, 35 we 33,8 göterim görkeziji bilen «Ylym we bilim» hem-de «Saglyk» bölümleri ýerleşdi.
EA-kontentiň iň az ýaýran ugurlary saz, fitnes we moda bolup çykdy. Olaryň her birinde şeýle rolikleriň paýy 2 göterimden geçmeýär.