Turkmenportal logo
Şu gün 12:16
1007310073
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen dzýudoçysy Perdäýewa Ulan-Batorda geçirilen «Uly tuwalga» ýaryşynda bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Perdäýewa Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde geçirilen «Uly tuwalga» ýaryşynda 57 kg agram derejesinde bürünç medal gazandy.

Üstünlikligiň ýolunda türkmen türgeni gazagystanly Dana Abdirowany (1/32 finalda), günorta koreýaly dzýudoçy Mimi Huhy (1/16 finalda) we ysraýylly Timna Nelson Lewini (çärýek finalda) ýeňdi.

Ýarym finalda Perdäýewa ýaponiýaly Akari Omoriden ýeňildi, ýöne üçünji orun üçin tutluşykda Fransiýanyň türgeni Faiza Mokdardan üstün çykmagy başardy.

Bu 21 ýaşly Perdäýewanyň 2024-nji ýylda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilen ýaryşda bürünç medaldan soň «Uly tuwalga» ýaryşyndaky gazanan ikinji medaly boldy. Ol şeýle hem 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş etdi. 

Ulan-Batordaky ýaryş 21-nji iýunda tamamlanar.