Turkmenportal logo
Şu gün 17:18
28412841
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Minsk bilen Aşgabat ulag hyzmatdaşlygyny we howa gatnawlarynyň açylmagyny ara alyp maslahatlaşýar

18-nji iýunda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen duşuşdy.

Belarusyň ilçihanasynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar iki döwletiň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak hem-de ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi we Hökümetara iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Duşuşyk 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen geçirildi.