Turkmenportal logo
Şu gün 09:51
23162316
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat muzeýinde medeniýet we sungat işgärleriniň sergisi açyldy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeyinde ýurtda 27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan tematik sergi guraldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, sergide ýurduň halk suratkeşleri tarapyndan çekilen milli sungat işgärleriniň portretleri görkezilýär. Olaryň arasynda Ýakup Annanurowyň «Kompozitor Daňatar Öwezow», Çary Amangeldiýewiň «Şükür bagşy», Aman Amangeldiýewiň «Bagşy Ökdirow», Nyýazmyrat Dowodowyň «Pürli Saryýew», şeýle hem Saparmämmet Meredowyň «Sahy Jepbarow», «Çary Täçmämmedow», Iwan Ilýiniň «Magtymguly Pyragy» we Ahmet Hallyýewiň «Azady we Magtymguly» ýaly eserleri bar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, däp bolan Medeniýet hepdeligi 22 — 27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda geçiriler.