Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ýylyň talyby» döwlet bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda öňe saýlanyp, özleriniň zehini we ukyby bilen tapawutlanan talyplaryň 27-si gatnaşdy.
Iki günläp dowam eden çäräniň barşynda eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň okan döwründe alan ortaça bahalaryny, dürli derejelerdäki bäsleşiklere gatnaşyklaryny, ýerine ýetirýän ylmy-barlag işleriniň hilini, şeýle hem intellektual eýeçilik boýunça alan awtorlyk şahadatnamalaryny we wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn bahalandyrdylar.
Gyzgalaňly geçen çäräniň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylaryň häzirki zaman türkmen jemgyýeti we kompýuter tehnologiýalary dersleri boýunça tabşyran test barlaglarynyň netijeleri yglan edildi. Synaglaryň iň soňky tapgyrynda alnan bu täze ballar talyplaryň öňki günlerde gazanan görkezijileriniň üstüne goşulyp, bäsleşigiň gutarnykly ýeňijileri mälim edildi.
Netijede, bäsleşigiň ähli şertlerini berjaý edip, iň ýokary görkezijini gazanmagy başaran Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew öz bäsdeşlerinden saýlanyp, 67,55 bal bilen «Ýylyň talyby» diýen abraýly adyň eýesi boldy. Bäsleşikde birinji orny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby Baýnazar Muhammedow eýeledi.
Ikinji orna Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Gurtgeldi Hanow bilen Türkmenistanyň Serhet institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Gündogdy Aýmämmedow mynasyp boldular. Üçünji orny bolsa Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Rahat Ataýew, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 6-njy ýyl talyby Muhammedaly Atabaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Batyr Öwezmyradow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Hajymyrat Ilimow hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 3-nji ýyl talyby Guwanç Ýoldaşow dagy paýlaşdylar.