Turkmenportal logo
Şu gün 21:42
10751075
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy 80 ýaş toýy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa şanly 80 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara biz ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bellenilýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, şeýle-de ABŞ-nyň halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönüdirilen başlangyçlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.