Turkmenportal logo
Düýn 19:13
93279327
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Bilim ministrligi okuw işinde smartfonlary we planşetleri ulanmagyň tertibini tassyklady

Türkmenistanyň Bilim ministrligi okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagyň tertibini tassyklady. 197-nji belgili degişli buýruga 2026-njy ýylyň 19-njy maýynda gol çekildi we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda 1948 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy. Buýruk 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň «Bilim hakynda» Kanunynyň 16-njy maddasynyň 13-nji bölümine laýyklykda berildi.

Tertibiň esasy düzgünleri

Resminama eýeçiligiň döwlet we döwlete dahylsyz görnüşindäki bilim edaralarynyň pedagogik işgärleri we okaýanlar tarapyndan berjaý edilmäge degişlidir.

Şahsy ykjam tehniki serişdeler – ykjam telefonlar, smartfonlar, planşetler, noutbuklar, smart sagatlar we beýleki aragatnaşyk wezipelerini ýerine ýetirýän, internet toruna birikýän, foto surata düşürýän, ses we wideo ýazgylaryny edýän şahsy elektron gurluşlar;

Bilim edaralarynda bilim işi guralanda ykjam gurluşlar elektron okuwy hem-de uzak aralykly bilim tehnologiýalary peýdalanmak üçin okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň maglumat serişdesi hökmünde ulanylyp bilner.

Bilim edaralarynda okaýanlaryň hem-de pedagogik işgärleriň ykjam gurluşlary peýdalanmak arkaly maglumat üpjünçiligine elýeterliliginiň bolmagy üçin bilim maksatnamasy boýunça okuw meýilnamalarynyň dersleriniň elektron okuw-usulyýet toplumy; elektron kitaphana; maglumat-kommunikasiýa serişdeleri; maglumat-telekommunikasiýa tory; ykjam gurluşlar üçin programmalar; pedagogik işgärleriň, okuw-kömekçi işgärleriň ykjam gurluşlary ulanmaga bolan taýýarlygy zerurdyr.

Ykjam gurluşlar internet birikme arkaly häzirki zaman elektron bilim serişdeleri bilen tanyşdyrýan web-saýtlara girmäge elýeterliligi üpjün edýär; multimediýa kontenti bilen tanyşmagy üpjün edýär; bilim maglumatlaryny özünde jemleýän ses, ýazgy, wideo we grafik faýllaryny okamagyň serişdesi bolup hyzmat edýär; elektron kitaplaryny (okuw gollanmalaryny), okuw kurslaryny we okuw maglumatlaryny saklaýan ýöriteleşdirilen görnüşli faýllary ulanyp, okuw işini guramaga mümkinçilik berýär; berlen ýumuşlaryň okaýanlar tarapyndan ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge hem-de tordaky işjeňligini seljermek arkaly okuw işini şahsy görkezijilere görä meýilleşdirmäge mümkinçilik döredýär; maglumatlary toplamagy ýönekeýleşdirýär, okuw işini esasan hem internet birikmesine elýeterliligi bolmadyk bilim ulgamlaryny dolandyrmak işiniň hilini ýokarlandyrýar. 

Ykjam gurluşlaryň peýdalanylmagy bilim ulgamyndaky mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, okuw işine innowasiýalary ornaşdyrmaga, talap edilýän bilimleri almaga päsgelçilik bermeli däldir.

Bilim edaralary ykjam gurluşlar ulanylanda aşakdaky ýagdaýlary göz öňünde tutmalydyr:

  • maglumatlaryň kysymlaryny we sanlaryny çäklendirýän kiçi ekranly ykjam gurluşlaryň okaýanlaryň saglygyna ýetirip biljek zyýanyny;

  • grafika bilen işlenende ýüze çykýan kynçylyklary;

  • internet toruna simsiz birikýän peýdalanyjylaryň sanynyň bellenen möçberden köp bolan ýagdaýynda geçirijilik ukyplylygyň peselýändigini;

  • okuw sapaklary wagtynda ykjam gurluşlaryny saklamak üçin ýörite niýetlenilen ýerleri döretmek zerurlygyny. 

Bilim edaralary elektron okuwy hem-de uzak aralykly bilim tehnologiýalary ulanylyp, bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende we okuw işi guralanda pedagogik işgärleriň, okuw-kömekçi işgärleriň we dolandyryş işgärleriniň gaýtadan taýýarlanylmagy hem-de hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy arkaly olaryň taýýarlygynyň degişli derejesini üpjün edýär. 

Bilim edaralary okaýanlaryň ykjam gurluşlardan netijeli peýdalanmaklaryny üpjün etmek maksady bilen degişli hünärmenleriň (informatika mugallymlary ýa-da IT hünärmenleri) okaýanlaryň ykjam gurluşlaryna okuw programmalaryny gurnamakda we elektron kitaphanalara birikmekde usulyýet kömegini bermegini guraýarlar.

Ulanmagyň düzgünleri we etiki kadalary

Resminamada bellenilişi ýaly, okuw işiniň dowamynda okaýanlar ykjam gurluşlary pedagogik işgärleriň rugsady bilen okuw maksady üçin peýdalanmaly.

Okaýanlar tarapyndan ykjam gurluşlary ulanmagyň etiki kadalary, ýagny bilim edaralarynda okuw işine päsgelçilik döretmezlik maksady bilen ykjam gurluşlaryň «sessiz» ýa-da «uçuş» düzgünine geçirilmegi, okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň rugsady bolmazdan olaryň wideo, foto ýa-da ses ýazgylarynyň edilmezligi, şunuň bilen bagly, okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň mertebesine hormat goýmak ýörelgeleriniň we beýleki kadalaryň berjaý edilmegi hökmanydyr. 

Bilim edaralary ykjam gurluşlary netijeli, howpsuz we dogry ulanmagyň ýörelgeleri barada okaýanlary hem-de olaryň ata-enelerini ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary tanyşdyrmaly, ýagny:

1) ykjam gurluşlaryň okaýanlar tarapyndan okuw maksatlary üçin peýdalanylmaga degişlidigini;

2) ykjam gurluşlaryň uzak wagtyň dowamynda ulanylmagynyň netijesinde okaýanlaryň saglygyna ýetirip biljek zyýanyny (kiçi ekranly ykjam gurluşlar ulanylanda gözlere gereginden artyk agram bermek, elektromagnit şöhleleriniň täsiri we beýlekiler);

3) şahsyýetiň ahlak we ruhy ösüşine zyýan ýetirip biljek islenilmeýän gorlara, şeýle hem terrorçylygy, urşy wagyz etmek, durmuş, milli, tire-taýpa, etniki, jynsy, dini duşmançylygy ýa-da agzalalygy wagyz edýän, milli we ahlak gymmatlyklara zyýan ýetirýän maglumatlary, okaýanlaryň jany we saglygy üçin zyýanly bolan kontentleri (zyýanly mazmunly grafiki, surat görnüşli, wideo materiallar, makalalar, gazetler, teleprogrammalar) ýaýratmak bilen meşgullanýan maglumat çeşmelerine girmekden saklanmagy;

4) gender we beýleki deňsizlikleriň artmagyna täsir etmekden hem-de umumy kabul edilen edeplilik kadalaryna gabat gelmeýän hereketleri etmekden saklanmagy (gorkuzmak, agressiw häsiýetli habarlary ibermek, jemgyýet üçin howply etmişi eden adamlar bilen aragatnaşyk saklamak we beýlekiler).

Bilim edaralarynyň tertipnamalaryndan we içerki düzgün-nyzam kadalaryndan gelip çykýan talaplar pedagogik işgärler we okaýanlar tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir.

Okuw işiniň maksatlary üçin ykjam gurluşlary peýdalanmak bilen bagly ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.