Turkmenportal logo
Düýn 23:11
65496549
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny wagyz etmek boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Ylmyň jemgyýetdäki ornuny has-da pugtalandyrmak, Türkmenistanyň adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini, ylmy dünýägaraýyşlaryny ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag we işläp taýýarlamalar çygryna çekmek, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna maksatnamada we meýilnamada bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.