Turkmenportal logo
Şu gün 17:19
38863886
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awstriýanyň kompaniýasy Türkmenistana hassahanalary sanlylaşdyrmak boýunça çözgütleri hödürleýär

Awstriýanyň ASKIN & CO GmbH kompaniýasy Türkmenistana hassahanalary sanlylaşdyrmak boýunça dürli çözgütleri hödürleýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Ralf Lugbauer Aşgabatda geçirilen Türkmen-awstriýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň 13-nji mejlisiniň çäklerinde žurnalistlere beren beýanatynda aýtdy.

«Biz hassahanalary sanlylaşdyrmak boýunça dürli çözgütleri hödürleýäris. Bu bolsa işiň netijeliligini ýokarlandyrmak we dolandyryşy kämilleşdirmek babatda örän möhüm ugur bolup durýar. Häzirki wagtda biz «Arçman» şypahanasy üçin taslamany durmuşa geçirýäris we ony ýakyn wagtda tamamlamagy meýilleşdirýäris. Mundan başga-da, welaýatlardaky saglygy goraýyş edaralary bilen hem iş alyp barýarys» — diýip, ol belledi.

Ralf Lugbauer Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge goşýan goşantlary üçin» hoşallyk bildirdi.

«Size üstünlik arzuw edýäris we ajaýyp türkmen myhmansöýerligi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. Örän gözel ýurt, örän mylakatly adamlar. Biz siziň bilen her gezek duşuşmaga şat» — diýip, ol aýtdy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar dolandyryş ulgamyny ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Duşuşyk örän netijeli we peýdaly geçdi. Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleriň bardygyny aýratyn bellemek ýakymly. Olar bilen geljekki ädimleri we dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de çözgüt tapmak elmydama aňsat» — diýip, Lugbauer sözüniň üstüni ýetirdi.

Awstriýanyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary 14-nji iýuna çenli dowam eder.