Turkmenportal logo
Düýn 12:45
81808180
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň iş ornuny kemelder

Germaniýanyň Volkswagen awtoulag öndürijisi dowam edýän täzeden gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde işgär sanyny ep-esli azaltmagy meýilleşdirýär. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, kompaniýa 2026-njy ýylyň ahyryna çenli takmynan 19 müň işgäri işden çykarar. Konserniň baş direktory Oliwer Blume işgärleriň nobatdaky kemeldilişi barada 2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda geçiriljek paýdarlar ýygnagynda yglan etmegi göz öňünde tutýar.

Has uzak möhletli meýilnama laýyklykda, Volkswagen 2030-njy ýyla çenli jemi 50 müň iş ornuny azaltmagy maksat edinýär. The Guardian neşiri bu barada 2026-njy ýylyň mart aýynda habar beripdi. Ilkibaşda konsern kärdeşler arkalaşygy bilen 35 müň işgäri işden çykarmak barada ylalaşypdy, emma soňra bu meýilnama giňeldildi.

Işgärleriň kemeldilmeginiň esasy sebäpleriniň biri esasy bazarlarda satuwlaryň peselmegidir. Hytaýda satuwlar 8 göterim, Demirgazyk Amerikada bolsa 10 göterim azaldy. Mundan başga-da, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan girizilen gümrük paçlary hem kompaniýanyň işine ýaramaz täsir etdi. Volkswagen 2030-njy ýyla çenli her ýyl amaly çykdajylaryny 6 milliard ýewro azaltmagy meýilleşdirýär.

Kompaniýa ýüze çykan kynçylyklaryň çäklerinde öz aktiwleriniň gurluşyny hem üýtgedýär. Financial Times neşiriniň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň maý aýynda Hytaýyň elektrik awtoulaglaryny öndürýän Xpeng kompaniýasy Volkswageniň Ýewropadaky zawodlarynyň birini satyn almak boýunça gepleşikleri geçiripdir.

Iki kompaniýanyň hyzmatdaşlygy 2023-nji ýylda başlandy. Volkswagen Xpeng kompaniýasyna takmynan 700 million ABŞ-nyň dollaryny maýa goýup, onuň paýnamalarynyň 5 göterimine golaýyny eýeledi. Şeýle-de taraplar Hytaý bazary üçin elektrik awtoulaglaryny bilelikde işläp taýýarlamak barada ylalaşyk baglaşdylar.