Turkmenportal logo
Şu gün 09:32
78707870
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
RF-nyň ilçihanasy Putiniň Türkmenistana saparyna işjeň taýýarlyk görýär

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy RF-nyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana meýilleşdirilen saparyna işjeň taýýarlyk görýär. Bu sapar oktýabr aýynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde geçiriler. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin penşenbe güni Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň banketler zalynda Russiýanyň güni mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde mälim etdi.

«Türkmenistanyň üstünlikli başlyklyk edýän döwründe GDA-nyň öz döredilenine 35 ýyl dolmagyny bellemegi aýratyn mana eýe bolup durýar. Ýakynda, 22-nji maýda Aşgabatda Arkalaşygyň esasy çäreleriniň biri – GDA ýurtlarynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Çäre Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Mihail Mişustiniň gatnaşmagynda geçirildi. Şol gün ol Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hem kabul edildi» – diýip, Wolynkin çykyşynda nygtady.

Onuň sözlerine görä, oktýabr aýynda türkmen topragynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine hem köp wagt galmady. «Gizläp oturjak däl, ilçihana bu möhüm çärä işjeň taýýarlyk görýär» – diýip, diplomat belledi.

Ol çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda alnyp barylýan yzygiderli ikitaraplaýyn dialogyň Russiýanyň we Türkmenistanyň düýpli milli bähbitlerine laýyk gelýändigini hem-de tutuş Merkezi Aziýada we Hazarýaka sebitinde abadançylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady.

«Rus-türkmen gatnaşyklary hemişe iki özygtyýarly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nusgalyk göreldesi bolup geldi. Ýurtlarymyz syýasy dialogy işjeň alyp barýar we halkara gün tertibiniň dürli meseleleri boýunça yzygiderli pikir alyşýar. Şol bir wagtyň özünde, Moskwa Aşgabadyň hemişelik bitaraplyk derejesine uly hormat bilen çemeleşip geldi. Bu dereje sebitde ählumumy durnuklylygy we geosyýasy deňagramlylygy üpjün edýän möhüm faktor bolup durýar» – diýip, ilçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň nobatdaky sammiti 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.